“Arkadagyň eserleri – ruhlandyrýar nesilleri”


“Arkadagyň eserleri – ruhlandyrýar nesilleri”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Arkadagyň eserleri – ruhlandyrýar nesilleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň her biri türkmeniň ruhy dünýäsini özünde jemleýändigi, kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýändigi, şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşy hasaplanýandygy barada belläp geçdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary taryhymyza göz ýetirmegiň, düşünmegiň açarydyr, milli medeniýetimiziň, ylym-bilimiň baý hazynasydyr hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekdäki, ýaşlary ýokary ahlak kämilliginde terbiýelemekdäki ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp eserleri peşgeş edip Türkmenistany ösüşler ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyza hem-de şol ösüşleriň täze belentliklerine ýetilmegi ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.