“Garaşsyzlyk – göwünleriň buýsanjy ýürekleriň aýdymy”


“Garaşsyzlyk – göwünleriň buýsanjy ýürekleriň aýdymy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk göwünleriň buýsanjy ýürekleriň aýdymy” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlary, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler, halkymyzyň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän belent ösüşler, geçen 31 ýylyň içinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda ykdysadyýetde, senagatda, bilimde medeniýetde, sungatda we beýleki pudaklarda ýetilen belent sepgitler we dünýäni haýrana goýýan ösüşler, ata-babalarymyzyň arzuw umytlarynyň hasyl bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratynyň asyrlardan-asyrlara aşyp, dünýä ýaň salýan Watanymyzyň halkara derejesinde täze mertebä göterilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar halkymyzyň il-ýurt bähbitli işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözler aýdyldy.