Beýik ussat Pyragy, dünýäniň şamçyragy


Beýik ussat Pyragy, dünýäniň şamçyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Beýik ussat Pyragy dünýäniň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi beýik söz ussadymyza goýulýan uly hormatdan nyşan bolup durýandygyny, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram ediljek ýyly öz şygary bilen utgaşykly gelmeginde uly many bardygy hakynda gürrüň berdiler. Adamzat kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly miras, ruhy hazynadygyny, çünki adamlary ynsanperwerlige, parahatsöýjülik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem umumadamzat üçin hem gymmatlyk bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň pähim-parasatly, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan terbiýe mekdebiniň nusgasydygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda beýik söz ussadymyzyň adyny arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.