“Magtymguly-türkmen edebiýatynyň şamçyragy”


“Magtymguly-türkmen edebiýatynyň şamçyragy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly-türkmen edebiýatynyň şamçyragy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen halkyny, milli edebiýatymyzy şöhratlandyryp gelýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýandygy, şahyryň döredijiliginde her bir meseläniň çözgüdini tapmak bolýandygy şeýle-de Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan akyldar şahyr bolup, onuň şygyrlary döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edendigi, bu täsir ylaýta-da Zeliliniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyň görünýär.
Çärede Akyldar şahyryň goşgularynda adamzat ýaşaýşynyň, durmuşyň ähli tarapy özüniň beýanyny tapyp, ömrüňi peýdaly işe bagyşlamalydygyny ündeýän şahyryň öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny arzuwlan beýik şahyr halkyna ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun alandygy, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň uludygyny görkezip, ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.