“Magtymgulynyň goşgulary terbiýe mekdebi”


“Magtymgulynyň goşgulary terbiýe mekdebi”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Magtymguly Pyragynyň döredijilgine bagyşlap “Magtymgulynyň goşgulary terbiýe mekdebi” atly söhbetdeşligini geçirdi.
Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz dana şahyryň döredijiligi öz halklygy we hakykylygy, sadalygy we şol bir wagtda gadymylygy we döwrebaplygy, çeperçiligi we täzeçilligi bilen her bir okyjyny Watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly mekdep bolup durýandygyny birnäçe goşgy setirleriniň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Bu çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp ýören dürli ýaşdaky çagalar hem öz gezeginde akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Mundan başga-da söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar hem gürrüň berildi.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.