“ Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy”


“ Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 85-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Magtymguly, çoh garaşan ajap eýýamyň geldi, Arkadagym bilen adyň bütin äleme doldy” ady bilen döredijik işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen edebiýatyny, ylmyny ösdürmekde uly yz galdyran şahyrlarymyza, alymlarymyza uly sarpa goýulýandygy, olaryň şanyna paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan “Ylham” seýilgähinde heýkelleriniň oturdylyp, halkymyzyň gelim-gidimli ýerine öwrülendigi , Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öňünde bütin dünýäniň baş egýändigini, şeýle-de hormatly Prezidentimiz öz eserleriniň üsti bilen milli mirasymyzy sarpalamagyň köňül nusgasyny görkezýändigi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlap hormatly Prezidentimiz özüniň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyny halkymyza sowgat edendigi barada şeýle-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize mertlik, gahrymançylyk ündewlerini berende, ylym-bilim edep-terbiýesinde hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan bentleriň üsti bilen birnäçe mysallar getirýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “ Ylham” bagşylar topary, hem-de 85-nji orta mekdebiň okuwçylary Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny, onuň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda alyp barýan uly işlerine sag bolsun aýdylyp, şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.