“Biz ertekileri suratlandyrýarys”


“Biz ertekileri suratlandyrýarys”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk ertekilerine bagyşlanan “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly surat çekmek bäsleşigini geçirdi. Çagalar türkmen halk ertekilerindäki söýgüli gahrymanlaryny we gözel tebigatymyzyň ajaýyp pursatlaryny suratlandyryp, öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň dowamynda çagalar çeken suratlarynyň gahrymanlary barada gürrüň berdiler we türkmen halk ertekilerini aýdyp bermekde bäsleşdiler. Kitaphanamyz tarapyndan türkmen halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.