Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy


Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda uly arzuw-umytlar, belent maksatlar bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyň şygary Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň akyldar danasy Magtymguly Pyraga bolan egsilmez hormat-sylag bilen baglanşykly bolup şol bir wagtyň özünde-de belent watançylyk duýgusy, ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde täze üstünlikler eýe bolunýandygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri nesil terbiýesinde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.