«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitap bilen tanyşlyk
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary bilen bilelikde ýaňy-ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň elimize gowşan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Änew şäheriniň çäklerinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler toplumyna syýahat etdiler. Gyzykly syýahadyň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji talyp-ýaşlara bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Ýadygärlikler baradaky täsirli gürrüňler talyp-ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Syýahadyň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.