“Baldan süýji balalar”


“Baldan süýji balalar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Baldan süýji balalar” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.
Çärede 1-nji iýunda çagalary goramagyň halkara güni bolup Bütindünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni bagtyýarlyk baýramy hökmünde bellenilip geçilýändiginiň we eziz çagalarymyzyň, mähriban ýaşlarymyzyň Watanymyzyň geljegidiginiň aýdyň mysalydyr. Çaga-durmuşyň güli, şonuň geljegiň, dowamatyň, durmuşyň, ýaşaýşyň manysy şol güle baglydygyny hem-de çagalar dünýämiziň, ýaşaýşymyzyň iň uly şatlygydyr. Türkmenistan bagtyýar çagalaryň ýurdudygyny şonuň bilen bir hatarda çagalaryň pähim-paýhasyna sarpa goýýan, giň dünýägaraýyşly, sabyr-kanagatly, dogruçyl, tutanýerli, Watanyna, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň, mugallymlaryň, terbiýe bilen iş salyşýan adamyň mukaddes borjudygy barada gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda okalan goşgularyň üsti bilen bagtyýar çagalyk döwrüni açyp görkezýän kitap sergisi gurnaldy we çagalara gyzykly ertekiler okap berildi.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.