Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy


Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy we Garadaşaýak medeniýet öýi, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny heýjana getirýän, durmuş ýoluna gün kibi şugla saçýan ajaýyp goşgulary bilen dünýä meşhur şahyrdygy, onuň Pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary döredijiligiň belent nusgasy bolup Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýändigi, onuň döredijiligi halk köpçüligine ýetirilýändigi aýratyn hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhy-ahlak we zähmetsöýerlik ruhynda terbiýelemekde goşgularynyň ähmiýetiniň örän ulydygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.