«Milli mirasymyz – zenan sarpasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Milli mirasymyz – zenan sarpasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen zenanlary gadym döwürlerden bäri asyllylygyň ýokary nusgasy bolup, edep-ekramy, eliniň çeperligi ene-mamalarymyzdan häzirki günlerimize geçip, bagtyýar durmuşymyza ýaraşyk berýändiklerini, zenan agzybir maşgala ojagynyň söýesidigini, il-halkyna wepaly, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Pederlerimiz nesil terbiýesinde eneleriň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryna uly sarpa goýandyklaryny, maşgalada, jemgyýetde zenanyň tutýan orny elmydama ýokary bolup, türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerde zenanlaryň aýratyn ornunyň bolandygyna beýik hem şöhratly taryhymyzyň şaýatlyk edýändigi barada dünýä edebiýatynda mynasyp yz goýan Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem gelin-gyzlaryň ajaýyp keşbiniň ussatlyk bilen beýan edilýändigi barada belläp geçdiler.