Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitabynyň 14-nji jildinden


Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitabynyň 14-nji jildinden



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitabynyň 14-nji jildinden söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly kitabynyň 14-nji jildiniň elimize gowuşmagy halkymyzy diýseň begendirdi. Kitapda nazary we tejribe taýdan gymmatly maglumatlar bolup, olar taryhçylar, syýasatşynaslar, jemgyýeti öwrenijiler üçin Türkmenistanyň häzirkizaman ideologiýasynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň ähmiýetiniň mazmunyny we manysyny beýan edýän möhüm ylmy-resmi hem-de maglumat çeşmelerine öwrülendigi we geljege tarap okgunly öňe barýanlygy, şol bir wagtyň özünde müňýyllyklaryň jümmüşinden uzap gaýdýan ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky wezipeleriň yzygiderli, üstünlikli ýerine ýetirilýänligi barada söhbet etdiler.
Çärede şeýle ajaýyp atalyk kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.