“Ak arzuwlaň hasyl boldy Pyragy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar uglamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy 25-nji orta mekdepde “Ak arzuwlaň hasyl boldy Pyragy” ady bilen wagyz - nesihat çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmuna ýugurlan dürdäne setirleri türkmen halkynyň kalbynda aýdymlara, nakyllara, öwrülip, pyragynyň şygyrlary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde we olaryň halal, arassa ahlakly, dogruçyl adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýetiniň bardygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ata watanymyzda medeniýetimizi ösdürmäge, nusgawy şahyrlaryň eserlerini çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýändiginden ugur alyp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasyndan ýagny, arassa ahlaklylyga, ynsanperwerlige, zähmet söýerlige, halallyga çagyrýan paýhas ummanyndan dörän gymmatly eserleri wagyz edildi.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň medeniýetini ösdürmekde, öwrenmekde we baýlaşdyrmakda uly mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.