“Bitaraplyk ýalkym saçýar jahana”


“Bitaraplyk ýalkym saçýar jahana”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy Bagyr medeniýet öýünde “Bitaraplyk ýalkym saçýar jahana” ady bilen sergi, aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen hemişelik Bitaraplyk – türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk diýip bellediler. Halkara Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan döwletimiz diňe bir öz ýurdumyzda asudalygyň hem parahatçylygyň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz ýerleşýän sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, syýasy durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar diýip çykyş edenler gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Bagyr medeniýet öýüniň ýörite aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk dabarasyna taýýarlan aýdymlary, kitaphana hünärmenleriniň çykyşlary bilen dowam edildi.

Çäräniň ahyrynda ýurduň ykbalyndaky gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bu günki ösüşdir, özgerişlerimiziň özeninde hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çäksiz mümkinçilikleridir diýip bellediler, bize şular ýaly ýokary derejede dabaralanýan baýramlary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowana ýollarda rowaç bolmagyny arzuw etdiler.