Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler külli türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ösüp gelýän ýaş nesillerimizi belent Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän eserlerinden hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyndan göçme kitap sergisi gurnaldy we şahyryň şygyrlaryndan birnäçesi çeper okaldy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.