“Arkadagly Serdar bilen rowana menziller”


“Arkadagly Serdar bilen rowana menziller”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, bilen Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Serdar bilen rowana menziller” ady bilen aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň geçirilmegi, ýaşlar döwletimiziň daýanjy, guwanjydygy, ýaşlara uly ynam bildirilýändigi, ýaşlar barada ýöredilýän döwlet syýasatynyň aýdyň maksatlara nazarlanýandygy, dünýä medeniýetine uly goşant, goşan türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, onuň edebi mirasy Watana, keremli topragyna bolan beýik sögüsi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy.

Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, alkyş sözleri aýtdylar.