Magtymguly - söz äleminiň taýsyz zergäri


Magtymguly - söz äleminiň taýsyz zergäri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleriniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly söz äleminiň taýsyz zergäri» ady bilen kitap sergisi gurnaldy.

Uniwersitetiň bagtyýar talyp ýaşlary we kitaphanaçy hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar.

Serginiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.