«Gadamy batly-Aşgabat»
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň meşhur Akhan diýen atynyň ilkinji at taýynyň dünýä inmegi mynasybetli öz okyjylary bilen «Gadamy batly-Aşgabat» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen hormatly Prezidentimiziň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewine «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýulandygy şeýle-de täze doglan at taýynyň boýnuna Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasynyň daňylandygy barada täsirli gürrüňler etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar mermer paýtagtymyzy, Ahalteke bedewlerimizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.