«Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi


«Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň guramagyndaky kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Watanyň geljegi bagtyýar ýaşlar» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyndan 7 sany kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşik 7 şertden ybarat bolup, her şerti boýunça kitaphana hünärmenleriniň ýerine ýetiren işleri seljerildi. Emin agzalary bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda içeri we daşary syýasaty wagyz edişlerine, olara okyjylaryň işjeň gatnaşygyny gazanmak hem-de geçirilen çäreleriň teleýaýlymlarda hem-de gazet-žurnallarda habar berilişine üns berdiler.

Eminleriň gelen netijeleri boýunça Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň üç kitaphanaçysy baýrakly orunlara mynasyp bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.