“Haly zenan yhlasynyň miwesi ”


“Haly zenan yhlasynyň miwesi ”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Haly zenan yhlasynyň miwesi ” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde haly fabrikleriniň hereket etmegi, halyçy zenanlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen türkmen halysynyň ýer ýüzünde ykrar edilen sungata öwrülmegi hormatly Prezidentimiziň türkmen haly sungatyna we ezber halyçylara goýýan sarpasyndan nyşandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halylary aýal-gyzlaryň irginsiz zähmeti, müňýyllyklaryň dowamynda taplanan zehini bilen nesilden-nesile geçip, şu günlerimize çenli gelip ýetendigi, nurana enelerimiziň, mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen dünýä inen türkmen halylary bilen baglanyşykly rowaýatlarda-da türkmen zenanlarynyň gaýratlylygy bilen birlikde mylaýymlygy hem mähribanlygy ýiti duýulýar diýip gürrüň berdiler.
Çärä gatnaşanlar Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç etdiler hem-de ondaky halylaryň taryhy bilen tanyşdylar. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.