«Watançy şahyryň sözi-halkyň kalbynyň heňi» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde «Watançy şahyryň sözi-halkyň kalbynyň heňi» ady bilen Türkmen nusgawy serkerde şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 245 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda çykyş edenler XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Seýitnazar Seýdiniň watançylyk duýgularyna ýugrulan ajaýyp goşgularynyň hiç haçan könelmän, asyrdan asyra geçip gelýändigi, Watany söýmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny öz goşgularyna siňdiren, hakyky watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi halkyň ýüreginiň töründe orun alyp, asyrlardan aşyp biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetip gelendigi, serkerde şahyryň goşgularynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak milli ýadygärlikdigi şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň açyp beren «Ylham» seýilgähinde Beýik şahsyýetler bilen bir hatarda nusgawy serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň ajaýyp heýkeliniň oturdylmagy, şahyryň ömrüne we döredijiligine döwrüň hem-de geljegiň goýýan beýik sarpasydyr diýip belläp geçdiler.