“Türkmeniň terbiýe ýoly”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda 88- nji orta mekdebinde “Türkmeniň terbiýe ýoly” ady bilen wagyz -nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler biziň baý edebi mirasymyz, edep-ekrama, milliligimize, öwüt-ündewe, wagyz-nesihata ýugrulan “Kowusnama”, “Bilimnama”, “Wagzy-Azat” eserleri şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary, nesilleriň geljekde amal etmeli ädimleriniň gözbaşy bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplaryny okan her bir ynsanda Watany, halky, ene-atany söýmek, hormatlamak, maksada okgunly bolmak, ruhubelentlik, zähmeti söýmek, sabyrlylyk, kanagatlylyk, çydamlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň kemala geljekdigini, bu eserleriň nesileri watançylyk, harby-gahrymançylyk, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň çäksizdigini buýsanç bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda mährem eneler we zähmetsöýerlik hakyndaky okap berlen rowaýatlar okyjylarda uly täsir galdyrdy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplaryndan gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy we sergidäki kitaplara syn berildi.
Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.