“Sungata aşyk ýaşlar”


“Sungata aşyk ýaşlar”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen 6-njy çagalar sungat mekdebi bilelikde gurnamagynda “Sungata aşyk ýaşlar” atly Bagtyýarlyk medeniýet öýünde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, sungaty parahatçylygyň dost-doganlygyň aýdymyny dünýä ýaýýanlygy, medeniýetde we sungatda milletiň ruhy dünýäsini, özboluşly aýratynlygyny, halkyň düşünjeliligini, bitewiligini kemala getirýän ýörelgeler jemlenýänligini görmek bolýar. Milli medeniýet milletiň mertebesine deňelýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen maddy we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýändigini barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.