Berkarar Diýarda zenan sarpasy


Berkarar Diýarda zenan sarpasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi bilen bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Berkarar Diýarda zenan sarpasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni toýdur, baýramlara, taryhy wakalara beslenip gelen 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda zenan mertebesini arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, zenanlarymyza ullakan sarpa hormatyň goýulýanlygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de maşgala mukaddesliginiň synmajak sütüni bolan bahar gülleri ýaly owadan, mähirli, sadadan sypaýy gelin-gyzlarymyz, türkmen zenanyna mahsus asyllylygyň we edep-ekramlylygyň terbiýe mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny döwletli döwranyň goýnunda bagtyýarlykda ýaşadýan, biz zenanlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.