“Milli Medeniýet köňlümiziň buýsanjy”


“Milli Medeniýet köňlümiziň buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli Medeniýet köňlümiziň buýsanjy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Indi birnäçe ýyl bäri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda Medeniýet günlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazyň owazy has belentden ýaňlanýar, teatr oýunlary, operalar görkezilip, şahyrlaryň goşgulary diňlenilýär.
Çärede Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilelikde uly dabaralara beslenip geçirilmegi Watanymyzyň durmuşynda möhüm waka öwrülendigi şeýle-de medeniýetimiziň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda şygyr baýramy hem bu sene bilen sazlaşýan edebi we çeper baý medeni mirasymyz, halk döredijiligimiziñ, gadymy senedimiziñ, däp-dessurlarymyzyñ dür-dänelerine ýugrulan, beýik ylhamdan nurlanan nepis bir haly eserini ýa-da salýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda Medeniýet işgärleriniñ gününiñ döwlet derejesinde bellenip geçilmegi ýurdumyzda bu ugruñ wekillerine uly sarpa goýulýandygyny görkezýän halkymyzyñ medeniýetiniñ ösüşüni alamatlandyrýandygy hem-de her bir sungat işgäriniñ öñünde uly wezipeler goýmagy, zehinli döredijilik işini, päk hem ýadawsyz zähmeti talap edýändigini belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda milli Medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.