Magtymguly türkmen edebiýatynyň göwher gaşy


Magtymguly türkmen edebiýatynyň göwher gaşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Neşirýat çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Pähim- paýhas ummany Magtmguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly türkmen edebiýatynyň göwher gaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirdi.

Çärede Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň ulydygyny belläp geçdiler hem-de söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, akyldar şahyrymyzyň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatydygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de şahyryň döredijiligine bagyşlanyp «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.