Sport bäsleşigi


Sport bäsleşigi



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen Standartlarynyň Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda şaşka, şahmat, düzdüm oýunlaryndan sport bäsleşigi geçirildi.
Bu çärä çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Çärä iki toparyň çagalary gatnaşdy we ýeňiji bolan topara kitaphanamyz tarapyndan sowgat gowşuryldy. Çärämiz diýseň çekeleşikli geçdi.