«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Gypjak Medeniýet öýünde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň 12 bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym – bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost – doganlyk gatnaşyklaryň, agzybirlik, başlan işiň abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýändigi barada aýdyldy. Şeýle-de kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýandygyny, halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde ol ýa-da beýleki asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallary bolup durýandygy, şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünjäniň dürli wakalaryň üsti bilen giňden düşündirilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp kitaplary sowgat edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.