“Garaşsyzlyk-bagtymyz”


“Garaşsyzlyk-bagtymyz”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen Milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş çäresini geçirdi.
Bu çärede kitaphana hünärmenimiz kitaphana gelýän okyjylara halkyň ykbaly siňen ýazgylaryň hemişe täsirli bolup, höwesli okalýandygyny nygtamak bilen ussat dörediji Liderimiziň bu kitabyndaky jümleleri halkymyzyň janyndan eý gören, eziz gören mukaddeslikleriniň biri Garaşsyzlygymyz hakdaky çuňňur düşünjeleri özünde jemleýär diýip aýdyp berdi.
Mundan başga-da kitaphanaçy Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda döwlet üçin bitirilen uly işler barada kitapda teswirlenýändigini we gözüňi dokundyrýan ajaýyp suratlar hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Kitaphananyň okyjylary hem öz gezeginde Türkmenistan döwletimizi, Mähriban Arkadagymyzy hem-de Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp şygyrlary ýatdan labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyzda gurnalan “Arkadagyň kitaplary-köňülleriň kelamy” atly kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.