Sport - sagdyn ýaşaýyş, gözel durmuş
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sport-sagdyn ýaşaýyş, gözel durmuş» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Bagtyýar Watanymyzyň hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, beden we ruhy sagdynlygy babatda durmuşa geçirýän uly tagallalary häzirki döwürde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilendigi, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglyga oňyn täsir etmek bilen, adama tutanýerliligi, maksada okgunlylygy we zähmetsöýerligi terbiýeleýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de adam saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny pugtalandyrmak üçin bedenterbiýe we sportda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň saglygy ugrunda birnäçe aladalar edýän, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.