“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti”


“Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy “Gökdere” jülgesindäki “Çynar” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini, nakyllardyr tymsallara baý kitaplaryny okanyňda, Watana bolan söýgüniň iň beýik söýgüdigine, edep-terbiýäniň esasy mazmunynyň Watan gymmatlygy hakyndaky garaýyşlarda jemlenýändigine göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda ýaşlara ahlak terbiýesini bermek barada durup geçýär. Olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär, gowy edep-terbiýeli, dünýä ylymlaryndan başy çykýan ýaşlaryň kemala gelmeginiň biziň geljegimiz üçin zerurlykdygyny nygtaýar. Ýaş nesillerimize kitap okap, bilimiňi artdyrsaň, durmuşyň manyly, ruhy dünýäň kämil, kalbyň arassa boljagyny öwredýär, milli terbiýäniň esasy özenine ynsanperwerlik, watansöýüjilik, belent adamkärçilik ýaly asylly häsiýetler degişli. Bu häsiýetleri ýaş nesillere öwretmekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler alnyp barylýar. Milli ýörelgelerimizi dowam etdirmekde we wagyz etmekde giň mümkinçilikleri bar, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzy pajarladyp ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem-de hakyky watançy, edep-terbiýeli, bilimli, sowatly, iş başarjaň ýaşlary kemala getirmek meselelerine aýratyn orun berilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.