Ile döwlet geler bolsa


Ile döwlet geler bolsa

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa» atly gymmatly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri bu gün dünýä bellidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ýazan ajaýyp kitaplary «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy», «Paýhas çeşmesi» ýaly gymmatly kitaplary halkymyzyň arasynda watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz edýän gymmatly çeşmeleridigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.