«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XV tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi


«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XV tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XV tomunyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň özüne çekiji gözelligi, ösümlik dünýäsi hem-de melhemlik aýratynlyklaryndan ylham alyp döreden «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltlik eseriniň XV tomunda beýan edilýän tebigatymyzyň baý ösümlik dünýäsi, dermanlyk aýratynlyklary olaryň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaşaýşy, himiki düzümi, ösüş şertleri, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti, saklamagyň usullary we düzgünleri, ekologik ähmiýeti, aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi.

Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada buýsançly nygtadylar.Gurnalan kitap sergisi hem uly täsir galdyrdy.