“ Akyl ummanynyň Beýik danasy”


“ Akyl ummanynyň Beýik danasy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy “Akyl ummanynyň Beýik danasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde öwrenilmegine uly badalga berilendigini, Magtymgulynyň dünýägaraýşy türkmeniň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirendigi, beýik Akyldar özüni has hem şahyrana döredijiliginde düýpli açyp görkezýändigi hem-de Akyldaryň watançylyk temasyndaky goşgulary onuň dürli taraplaryny öz içine alýan mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly waspçysy bolup agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun alýandygy şeýle-de bagşylaryň aýdýan aýdymlarynyň agramly bölegi Magtymgulynyň goşgularyna degişlidigi, şahyryň pähimleri öwütleri, nesihat beriji, yşky-liriki, filosofiýa ýugrulan eserleri aýratyn söýgä eýedigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda akyldar şahyrymyzyň sarpasyny has-da belende göterýän hormatly Prezidentimize edýän sahawatly parasatly işleri üçin köp sag bolsun aýtdylar.