Söz ussady akyldar şahyr


Söz ussady akyldar şahyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň Bagyr kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Söz ussady akyldar şahyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi edep-terbiýe mekdebi bolup şahyryň ahlak, päk -söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi, onuň şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp şahyryň dürdäne setirlerde öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti netijesinde durmuşda terbiýe ýoluny döredýänligi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzda yz galdyran şöhratly pederlerimiziň döredijiligini edebi mirasyny öwrenmäge onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.