Kitap – ömürleriň şam-çyragy
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Kitap – ömürleriň şam-çyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, esasan hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hakynda gyzykly gürrüňler edildi.Ynsanyň ruhuna, içki dünýäsine täsir edýän ajaýyp kitapda, türkmen halkynyň baý taryhyny, şöhratly geçmiş ýoly aýdyň beýanyny tapýar.
Aslynda ynsan ömründe kitabyň tutýan orny örän uludyr. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýitileýji güýç bar. Adam durmuşynda, esasanam täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, ütgeşikligiň höwesinde ýaşaýar. Şonda kitap onuň okamaga, bilmäge, öwrenmäge teşne kalbyny gandyrýar. Çünki kitap ruhy hazynadyr. Kitap okaýarka, onda-da oňa tutuş durky-düýürmegi bilen berilýärkä, adam özüni düýbünden başga duýýar. Sebäbi, ol bahasyz hazyna aralaşýandygyny, öz içki dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny aňýar. Uly höwes bilen okalýan kitaplar adama şeýle ajaýyp duýgulary bagyşlaýar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp duýgulary, pähim-parasatly kitaplary türkmen halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.