“Bilim - ata Watanyň kuwwaty”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezinde “Bilim - ata Watanyň kuwwaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Ata Watanymyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap ylym we bilim almagyna, sagdyn ösmegine Watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýetiň berilýänligi barada söhbet etdiler we çagalar ata Watanymyzy, eziz Diýarymyzy we Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary aýdyp berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaşlary ylymly, bilimli, sowatly, zähmetsöýer bolmaklary ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.