“Bilim-bagtyň badalgasy”


“Bilim-bagtyň badalgasy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Bilim-bagtyň badalgasy” ady bilen aýdym-sazly gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesilleri ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamy işjeň ösdürilýär.

Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly kitabyndaky: “Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr” diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda uly işleriň edilýändigi barada gürrüň berdiler. 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.