«Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi


«Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, Bitaraplyk huhuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymynyň «Jennet mekanym» gepleşiginde ýazgy edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.