Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan sesli okaýyş geçirildi


Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan sesli okaýyş geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitaby nakyllar ýygyndysy bolup, onda adamyň durmuşyndaky esasy bäş sany ugra üns berilýär. Olar: watançylyk we gahrymançylyk, edep-terbiýe we ahlak, ylym-bilim we hünär, tebigat we zähmet hem-de durmuş pelsepesidir. Kitapda jemlenen öwüt-ündewler aň düşünjäni artdyrýar, gözýetimiňi giňeldýär we ösdürýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi’’ kitabyndaky ilkinji nakylyň Watana söýgini beýan edýändigi, ilkinji bölümiň Watana bagyşlanandygy örän buýsandyryjydyr. Sesli okaýyşda bu kitabyň watançylyk, merdanalyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly asylly sypatlar bilen bagly ündewleri, öwütleri özünde jemleýänligi barada gürrüň berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi’’ kitabyndaky birnäçe atalar sözleridir nakyllary okadylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.