Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik.


Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik.



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eserinde beýan edilen halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary barada ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň kitaplary – nesilleriň göreldesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň her bir bölüminde beýan edilýän halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelgeleri, mukaddes ynançlary barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.