“Kitap – biziň dostumyz” atly söhbetdeşlik


“Kitap – biziň dostumyz” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Kitap – biziň dostumyz” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz bilesigeliji, höwesjeň okyjylarymyza kitap okamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Kitap okamagy tüýs ýürekden söýýän ýaşajyk okyjylarymyz hem okuw dersleri boýunça düzülen birnäçe şertler esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitabyň gadyr-gymmatyny Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.