“Welosport – saglyga hemra” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylyk babatdaky alyp barýan syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek ” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli “Welosport – saglyga hemra” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, zyýanly endiklerden daşda durmagyny şeýle-de sport bilen meşgullanmagyny, köpçülikleýin ekologiýany arassa saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşmak babatda ýurdumyzda alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyny gazanmak babatda edýän aladalary we döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz, welosporta höwes bildirýän ýaşlar bu sportyň saglyga, daş töweregiň, howanyň arassalygyna peýdalary barada özara sorag-jogap alyşdylar. Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasy, binanyň daşky keşbi, aýratynlyklary barada hem hünärmenlerimiz bilesigeliji ýaşlara täsirli gürrüňler berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, nesil saglygy, ýurt abadançylygy barada alada edýän we bu ugurda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa alkyş sözleri beýan edildi.