Ýylyň - göreldeli okyjysy


Ýylyň - göreldeli okyjysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Täze zaman Medeniýet öýünde kitaphana şahamçalarynyň arasynda kitaphana gelýän okyjylaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüni artdyrmak maksady bilen «Ýylyň - göreldeli okyjysy» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, olaryň okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik emin agzalar tarapyndan bäsdeşlere adalatly baha berildi. Şeýlelik-de bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara emin agzalar tarapyndan sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her bir güni egsilmez joşguna, toý-baýrama rowaçlyklara beslenýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.