«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitap bilen tanyşlyk


«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitap bilen tanyşlyk

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen bilelikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Änew şäheriniň çäklerinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler toplumyna syýahat etdiler. Gyzykly syýahadyň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji okuwçylara bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdi. Ýadygärlikler baradaky täsirli gürrüňler ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Syýahadyň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.