“Bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary”


“Bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy ýaňy – ýakynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Gürrüňdeşlikde ilki bilen kitaphana hünärmenleri kitap bilen dostlaşan adamyň hemişe ruhunyň baý, kyn günüňde ýakyn dostuň bolýandygy, kitaby hemişe mukaddes hasaplamalydygyny, kitaplar her bir mukaddes ojagyň törüniň bezegi bolýandygyny, ata- babalarymyz kitaplary aýawly saklap,ony gözüniň görejine deňäp saklandyklary barada täsirli gürrüň berdiler. Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde özleriniň wagtlaryny gyzykly, manyly, şadyýan geçirýän çagalary kitaplar dünýäsi bilen tanyşdyrmak maksady bilen göçme kitap sergisi hem gurnaldy.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň eserleri şeýle-de çagalara degişli ýazylan birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary hem-de çagalary gyzyklandyrýan goşgudyr- ertekiler goýuldy.Bu sergide goýlan kitaplar, eserler barada gürrüň edildi hem-de sorag –jogap alşyldy.
Bu ýerdäki çagalar dynç alyş möwsüminde özleriniň Gahryman Arkadagymyzy , Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän goşgulary, ertekileri aýdyp berdiler. Gurnalan göçme sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.