«Kitaphanalar- Bitaraplygyň mekanynda parahatsöýüjilikli syýasatyň wagyzçylary»


«Kitaphanalar- Bitaraplygyň mekanynda parahatsöýüjilikli syýasatyň wagyzçylary»



Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana ýolbaşçylarynyň arasynda «Kitaphanalar- Bitaraplygyň mekanynda parahatsöýüjilikli syýasatyň wagyzçylary» atly iş maslahaty geçirildi. Maslahatda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýagny, täze iş usullaryny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda Bitaraplygyň beýany dogrusynda, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda, şeýle-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphanaçylaryň öňünde durýan döwrebap wezipeler barada, okyjylara edilýän hyzmatlar, kitaphana işini kämilleşdirmekde usulyýet işiniň ähmiýeti dogrusynda yzygiderli söhbetler edildi. Şonuň ýaly-da iş ýüzünde dörän soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dabaranyň soňunda maslahata gatnaşyjylar mähriban Arkadagymyza il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde üstülikler arzuw etdiler.