Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň uzak asyrlaryň dowamynda özüniň köptaraply akyla ýugrulan ajaýyp eserleri türkmeniň adyny şöhratlandyrdy diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.