Diňe kitap hakynda


Diňe kitap hakynda



Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.
AÝBEK.

Kitap biziň zamanamyzyň durmuşydyr. Kitap hemmelere — garrylarada, ýaşlara-da gerekdir.
W.BELINSKIÝ.

Her bir sahypasy misli bir aýna,
Dünýäni görkezer açan ynsana.
R.GAMZATOW.

Her bir kitaby okamagy başarmak gerek.
Paskal BLEZ.

Ýazyjynyň tüýs ýürekden ýazan her bir kitaby onuň iň mukaddes oý-pikirleriniň hamyrmaýasydyr.
F.GLADKOW.

Kitap — biziň ruhy hazynamyz.
M.ŞOLOHOW.

Akylly adam hem kitaplardan, hem durmuşdan sapak alar.
L.ÝUTANG.

Kitaplar pahim-paýhasyň perzentleridir.
J.SWIFT.

Eger-de siz özünize elden gelmez ýadygärlik döretmek isleseňiz, onda
kalbyňyzy oňat kitaplara bagyş ediň!
Pýer BUAST.

Kitaplar bakylyk hasiýetine eýedirler. Olar adam tarapyndan döredilen köp asyrlyk miwedir.
S.SMAÝLS.